Türkmenistanyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy. Yklym ýaryşy 2022-nji ýylyň 1 ― 9-njy iýuny aralygynda Özbegistanda geçiriler.
Saýlama duşuşyklar
Biziň ildeşlerimiz saýlama tapgyryň «F» toparçasynda ýaryşdylar. Bu toparçanyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde Iordaniýada geçirildi. Toparçada biziň ildeşlerimizden başga-da, Iordaniýanyň we Palestinanyň ýygyndylary bardy.
Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy baş tälimçi Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda ilkinji duşuşygynda Iordaniýanyň ýygyndysyndan 0:1 hasabynda asgyn gelen hem bolsa, ikinji duşuşykda Palestinany 3:1 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşykda türkmen futbolçylarynyň pökgüleriniň ikisini Şamämmet Hydyrow, birinji Welmyrat Ballakow geçirdi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndysy 3 utuk bilen toparçada ikinji orny eýeledi. Özara duşuşykda Palestinanyň ýygyndysy bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnan ýer eýeleri 4 utuk toplap, toparçada birinji orna mynasyp boldular.
Türkmen futbolçylary ikinjileriň iň gowy dörtlüginde
Ýaryşyň düzgünnamasyna görä, Aziýanyň kubogyna ýer eýelerinden başga-da, saýlama tapgyrdaky 11 toparçanyň ýeňijisi we ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy dördüsi gatnaşmaga hukuk gazanýar. Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy 3 utuklyk netije bilen saýlama tapgyrda iň gowy ikinjileriň arasyndan özüne orun tapmagy başardy. Has takygy, toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň arasyndan Tailandyň, Saud Arabystanynyň, Täjigistanyň ýygyndylary we biziň ildeşlerimiz bu hukugy gazandylar.
Şeýlelikde, yklym ýaryşyna gatnaşjak ýygyndylaryň ählisi belli boldy. Olardan bu ýaryşa Özbegistanyň, Yragyň, Iordaniýanyň, Awstraliýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň we Saud Arabystanynyň ýygyndylary bäşinji, Kataryň, Eýranyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Wýetnamyň, Tailandyň ýygyndylary dördünji, Kuweýt bilen Malaýziýanyň ýygyndylary ikinji, türkmen we täjik futbolçylary bolsa birinji gezek gatnaşar.
Dördünji torbadan gatnaşarlar
Biziň ildeşlerimiz yklym ýaryşynyň ýakynda geçiriljek bije çekilişigine dördünji torbadan gatnaşar. Bu torbada biziň ildeşlerimizden başga-da, Täjigistanyň, Malaýziýanyň we Kuweýtiň ýygyndylary bar. Türkmenistanly ýaş futbolçylaryň saýlama tapgyra gatnaşan 38 ýygyndynyň iň güýçli 16-lygyna girip bilmegi hem uly üstünlikdir. Nesip bolsa, biziň ildeşlerimiz geljek ýylyň tomsunda bu üstünligi täze ýeňişler bilen bezär diýip umyt edýäris.
Türkmenistanyň futbol çempionatynda 3-nji tapgyr tamamlandy