BIZNES

Türkmen-eýran serhedindäki bilelikdäki bazar gaýtadan açyldy

Türkmenistan bilen Eýran serhedindäki bilelikdäki bazar 34 aýdan soňra täzeden açyldy. Bu barada Eýranyň ýerli wekilleri habar berdi.

“Mehr” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Abolgazl Çamandiniň belläp geçişi ýaly, serhetdäki Bajygyran Godan bilelikdäki bazar koronawirus pandemiýays sebäpli ýapylypdy.

Eýranyň ýerli wekili bu bazaryň ähmiýetiniň uludygyny belläp, bazar ýapylmazdan ozal, Türkmenistanyň her ýyl 4 million dollardan gowrak haryt eksport edýändigini mälim etdi. Eýrana bolsa, 500 müň dollarlyk harytlar ýerlenipdir.

Serhetdäki bilelikdäki bazaryň hereket etmeginiň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çeken Eýranyň wekili bazaryň Eýranyň horasan-Razawi welaýatynyň senagat desgalarynyň önümçiligi üçin hem uly ähmiýete eýedigini belledi.

Şeýle hem ol bazaryň ortaça 700 adamy iş bilen üpjün etmek mümkinçiligine eýedigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär