JEMGYÝET

Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde  Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ýokarky derejede ozalky geçirilen çäreleriň dowamynda  gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika we senagat toplumynda, ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Diplomatlar sebitleriň arasyndaky we medeni-ynsanperwer ulgamdaky işleri artdyrmak boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle-de, taraplar sebit we halkara gün-tertibiniň möhüm meseleleri barada maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar