ASBC — Aziýanyň boks konfederasiýasy tarapyndan Aziýada “Ýylyň iň gowy emini” diýen hormatly ada sport ulgamynda ussat hünärmenleri ýetişdirýän, dünýä giňişliginde türkmen Tuguny belentde parladýan türgenleriň bilim ojagy bolan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy Işanguly Meretnyýazow mynasyp boldy. Bu barada institutyň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Aziýada höwesjeň boksçulygyň edarasy, dünýä boýunça höwesjeň boksçulygyň ýolbaşçysy bolan IBA-nyň (Halkara boksçular assosiasiýasy) agzasy bolup durýan Aziýanyň boks konfederasiýasy ýyllaryň dowamynda höwesjeň boksçulygy ösdürmek, şeýle hem bu işde ýakyndan ýardam berýän boks boýunça türgenleri, tälimçileri, eminleri ýüze çykarmak babatda yzygiderli işleri durmuşa geçirýär.
Halkara derejeli emin Işanguly Meretnyýazow hünär ýolunda dünýä we sebit derejeli ýaryşlarda eminlik etmek bilen, sowatly, adalatly çözgütleri çykaryp, milli we halkara sportda abraý eýesi bolup gelýär. Ussadyň tälim bermegi bilen ýetişen halypa-şägirtlik ýolundaky milli türgenler bu günki gün Hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň sport diplomatiýasyny dünýä ýaýmakda, döwletimiziň mukaddes ýaşyl Tuguny belentde parlatmakda köplere görelde bolýarlar.