JEMGYÝET

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna täze rektor bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Begli Baýrammyradowiç Ataýewi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine bellemek hakyndaky resminama gol çekdi.

Ýeri gelende bellesek, 2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu ýokary okuw mekdebiniň rektory Batyr Meretdurdyýewiç Mämmedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenipdi.

INSTITUT BARADA…

Häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 8 fakultet we 28 kafedra hereket edýär we 4635 sany talyp 10 ugur we 34 hünär boýunça döwrüň talabyna laýyklykda bilim alýarlar. Bakalawr maksatnamasynyň 7 sany ugry boýunça 13 sany taýýarlygyň ugrundan bakalawrlar taýýarlanýar. Institut Türkmenistanyň döwlet we hususy eýeçilikdäki edaralary we kärhanalary üçin ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýar we her ýylda 759-dan gowrak ýokary bilimli hünärmenleri goýberýär.

Ýene-de okaň

Alp Arslan Begenjow Türkmenistana ilkinji erkin göreş medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-UNIDO:2026-2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy” işlenip düzüler

Rabab Fatima Türkmenistanyň başlangyçlaryna ýokayr baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri