BILIM

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäheriniň Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasynda Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň çözgüdi bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna resmi taýdan kabul edildi.

Degişli şahadatnama Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň ýolbaşçysy K.Zakirýanow tarapyndan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna wekilçilik edýän Talyplar sport klubynyň başlygy, Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş kätibi S.Gurdowa dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşigi (International Association of Universities of Physical Culture and Sport) dünýä jemgyýetçiliginiň öňdebaryjy 60-dan gowrak bedenterbiýe we sport ugurly ýokary okuw mekdeplerini özüne birleşdirip, bilelikde ylmy-barlag işleri geçirmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen döredilendir. Birleşigiň esasy wezipesi bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýetini dünýä derejesinde ýokarlandyrmakdan, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna goşant goşmakdan ybaratdyr.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary