DÜNÝÄ

Türkmen diplomaty Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow 4-nji noýabrda Moldowanyň Brýusseldäki ilçihanasy tarapyndan Moldowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy mynasybetli guralan dabaraly kabul edişlige gatnaşdy. Çäre Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sandunyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu barada ilçihananyň sosial ulgamlarynda habar berildi.

Dabaranyň dowamynda ilçi S.Pälwanow Ýewropa Geňeşiniň öňki Prezidenti, häzirki wagtda Ýewropa Geňeşiniň emeritus Prezidenti hem-de Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen hem duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek we Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky dialogy berkitmek boýunça tagallalar barada pikir alyşdylar. Şarl Mişel Türkmenistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşyklaryny uly buýsanç bilen ýatlap, döwlet Baştutanyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri