JEMGYÝET

Türkmen diasporasynyň wekilleri bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Türkmenistanyň Ilçihanasynda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli türkmen diasporasynyň wekilleri bilen ähmiýetli duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýaňy ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütlerde beýan edilen ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Garaşsyzlyk gününiň dabaraly bellenilmeginiň ähmiýetine ünsi çekip, soňky ýyllarda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan netijeli strategiýanyň esasynda mümkin bolandygyny aýratyn belledi. Hususanda, Ataýew bilim ulgamynda özgertmeleri dowam etdirmegiň we ýokary okuw mekdeplerini halkara standartlaryna laýyklykda akkreditirlemek işlerini kämilleşdirilmegiň zerurdygyny we meseleleriň ABŞ-nyň bilim ulgamyň wekilleri bilen ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Ilçisi Meret Orazow öz çykyşynda ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýandygyny aýratyn  belläp geçdi. Ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen maksatnamalaýyn resminamalaryň raýatlaryň durmuş-ykdysady şertlerini gowulandyrmaga, infrastrukturany berkitmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Bu bolsa şeýle baýramçylyklaryň jemgyýeti jebisleşdirmekde we onuň ata Watany bilen baglanyşygyny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýetlidigini görkezýär. Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Begenç Mätliýew öz çykyşynda baýramçylyk döwründe başy başlanan maksatnamalaryň bilim ulgamyndaky aragatnaşyklary berkitmäge, şol sanda bilelikdäki okuw maksatnamalarynyň ýola goýulmagyna we halkara ylmy taslamalara gatnaşmaga ýardam edýändigini belledi.

Diasporanyň wekilleri Milli Liderimize hem-de Türkmenistanyň Prezidentine döwletiň ösüşine goşantlary we ýurduň dünýä bileleşigine utgaşdyrylmagy üçin şertleri döredenlikleri üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdiler. Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütler Türkmenistanyň mundan beýläkde ösüşine we durnuklylygyna möhüm täsir edýändigi aýratyn bellenildi. Mundan başga-da, gatnaşyjylar Gündogaryň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Milli Liderimiziň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan medeni we bilim başlangyçlary goldamakda özleriniň işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdiler. Şeýlelikde, Ilçihanadaky duşuşyk ýurduň ösüşiniň möhüm ugurlary, häzirki we geljekki başlangyçlar, şeýle hem olary durmuşa geçirmäge türkmen diasporasynyň orny baradaky pikir alyşmalar üçin ähmiýetli meýdança boldy.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi