JEMGYÝET

Türkmen-amerikan ýaş alymlar guramasynyň onlaýn maslahaty

2008-nji ýylda döredilen Türkmen-amerikan ýaş alymlar guramasy (TASA) her ýyl geçirilýän hem-de däbe öwrülen simpoziumyny üstümizdäki ýylda hem geçirmegi meýilleşdirýär. “COVID-19” pandemiýasy sebäpli şu ýylky TASA-nyň simpoziumyny onlaýn görnüşinde geçiriler. Maslahatyň onlaýn geçirilýändigine garamazdan, oňa gatnaşmaga isleg bildiren hünärmenleri çagyryp, maslahatyň yzygiderliligini saklamak makul bilindi.

Simpoziumdaky çykyşlaryny TASA-nyň “Youtube” kanalyndan hem tomaşa etmäge mümkinçilik dörediler.

14-nji ýyllyk simpoziumdaky çykyşlar 13-nji, 20-nji hem-de 27-nji iýunda, şeýle hem 4-nji we 11-nji iýulda geçiriler. Bu barada has giňişleýin maglumaty “turkmenscholars.org” internet sahypasyndan hem almak bolar.

Türkmenistanda ylmyň, tehnologiýanyň we bilimiň ösüşini öňe sürmek üçin özboluşly maksat bilen döredilen bu gurama ilkibaşda az sanly meýletinçiniň  gatnaşmagy bilen başlanan hem bolsa, soňlugy bilen dünýäniň dürli künjeklerinden gelen türkmen talyplary we alymlary, şeýle hem ýokary döwlet işgärleriniň uly goldawy bilen guramanyň ähmiýeti

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi