JEMGYÝET

Aşgabatda GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.

Bu sammitiň işine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeyenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji direktory S.Lebedew Türkmenistanda saparda bolýarlar.

Sammitiň barşynda döwlet baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi hem göz öňünde tutulandyr.

Related posts

Aşkabat’ın İlk Karı Yağıyor

vepa

Yslam ösüş banky Türkmenistanda 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirdi

Adam atlarynyň manysy 03-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri