JEMGYÝET

Türkmen alabaýynyň halkara ykrarnamasy

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Şanly waka mynasybetli guralan dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar.

Soňra «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabara Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işleri, alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen işler barada giňişleýin maglumat berýän çykyşlardan başlandy. Şanly wakanyň hormatyna guralan dabarada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew çykyş edip, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň abraýly halkara guramalar tarapyndan ykrar edilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan etdi.

Ýakynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly hödürnamany goldamak hakynda çözgüdiň kabul edilmegi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara giňişlikde ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimize türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan iberen Gutlagy barada-da durlup geçildi.

Ýene-de okaň

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär