JEMGYÝET

Türkiýede Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Hökümet mejlisinde habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Şol mejlisde Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, sergide ýokary hilli we bäsleşige ukyply harytlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň eksport ugurly maksatnamalary hem-de maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrylar. Sergä ýurdumyzyň eksport we maý goýumly ugurly pudaklarynyň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.

Munuň özi söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik döreder.

Mälim bolşy ýaly, köp ýyldan bäri paýtagtymyz Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilip gelinýär. Geçen ýyl şeýle sergi 11-nji gezek geçirildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady