BIZNES

Türkmenistan Russiýada geçiriljek halkara ykdysady foruma gatnaşar

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Şol mejlisde Russiýada geçiriljek halkara ykdysady foruma gatnaşmaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Hökümet mejlisinde öňde boljak foruma gatnaşmak üçin taýýarlyk görülýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2025-nji ýylyň 17-21-nji iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynda gulluk iş saparynda bolar.

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde iri halkara ykdysady forum geçiriler. Bu forum 1997-nji ýyldan bäri geçirilip, 2005-nji ýyldan bäri foruma Russiýanyň Prezidenti hem gatnaşyp gelýär.

Foruma dünýäniň 100-den gowrak döwletinden 14 müňden gowrak wekiliýet gatnaşýar.

Ýene-de okaň

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder