DÜNÝÄ

Türkiýede Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli surat sergisi açyldy

2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkiýe Respublikasynyň Alaniýa şäherinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli surat sergisi açyldy.

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasynyň we Alaniýa uniwersitetiniň bilelikde gurnan sergisiniň açylyş dabarasyna, Türkiýäniň belli medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň we habar beriş serişdeleriň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy.

Sergide çykyş edenler, häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalary we halkara başlangyçlary, Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň alyp barýan parahatçylykly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasaty esasynda amala aşyrylýandygyny bellediler.

Bu nukdaýnazardan, bu ýerde ýerleşdirilen foto suratlar Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda oýlanşykly we üstünlikli amala aşyrylýan şäher gurluşyk syýasatyny şöhlelendirýändigini, şeýle-de bu syýasatyň adamlaryň durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, olaryň işlemegi we dynç almagyna gönükdirilendigini nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri