DÜNÝÄ

Türkiýede türkmen edebiýatynyň we döredijiliginiň hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy

Stambul şäherinde ýerleşýän Türkiýäniň ýazyjylar birleşmesiniň binasynda Türkmen edebiýatynyň we döredijiliginiň Türkiýe Respublikasyndaky hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.

Çäräni Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde gurady.

Çärä Türkiýäniň döwlet we jemgyýetçilik toparlarynyň wekilleri, meşhur alymlar we ýazyjylar, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hepdeligiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy we Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi Amangözel Şagulyýewanyň 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli neşir edilen «Türki dünýäde zenan we kelam» atly goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy boldy.

Amangözel Şagulyýewanyň döredijiligi häzirki zaman türkmen edebiýatynyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Onuň goşgulary çuňňur pikirleri, ýokary çeperçilik aýratynlyklary hem-de Watana, halka, ruhy gymmatlyklary dowam etdirijiler hökmünde zenanlara bolan söýgi bilen tapawutlanýar.

Dabarada TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew we Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew çykyş etdiler.

Çykyşlarda Türkiýede Türkmen edebiýatynyň we döredijiliginiň hepdeliginiň geçirilmeginiň doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydygy we munuň türki dünýäsiniň çäklerindäki medeni dialogyň has-da ösdürilmegine goşant goşýandygy nygtaldy.

Çäre netijeli we dostlukly ýagdaýda geçdi hem-de Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi we medeni hyzmatdaşlygy berkitmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Şol gün Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan fotosuratlaryň sergisi açyldy.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkiýäniň meşhur medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmen edebiýatynyň we döredijiliginiň hepdeliginiň çäklerinde Ankara we Stambul şäherlerinde türkmen edebiýatyny, sungatyny we medeni mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen dürli medeni çäreler, sergiler, döredijilik duşuşyklary we şygryýet agşamlary geçiriler.

Ýene-de okaň

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi