DÜNÝÄ

Türkiýede 2 ministr täzelendi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurduň Ministrler Kabinetiniň düzümindäki 2 ministri çalyşdy. Bu baradaky kararlar ýurduň resmi gazetinde çap edildi.

Şol resminamalara laýyklykda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň ornuna Kemal Memişogly, ekologiýa we şähergurluşyk ministri Mehmet Özhasekiniň ornuna bolsa, Murat Kurum bellendi.

Golaýda geçirilen saýlawlarda Stambul şäheriniň häkimi wezipesine dalaşgär bolan Murat Kurum 2018-2023-nji ýyllarda ekologiýa we şähergurluşyk ministri wezipesinde işläpdi.

Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja pandemiýa döwründe uly işleri bitiren we 6 ýyl bu wezipede işlän ministrleriň biridir.

Related posts

Lukaşenkonyň haýsy atyry ulanýandygy belli boldy

Täjigistanyň ilaty soňky 10 ýylda 26 göterim artdy

Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap ýurtlarynyň duşuşygyna taýýarlyk görülýär