JEMGYÝET

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Aşgabada geldi

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Ärdogan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi.

Ýokary derejeli myhman Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew we beýleki resmi adamlar tarapyndan kabul edildi.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Ärdoganyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy.

Prezident Ärdogan we onuň maşgalasy Emine Ärdogan ýolbaşçylygyndaky türk wekiliýetiniň düzüminde daşary işler ministri Hakan Fidan, energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, Prezidentiň aragatnaşyk müdiri Burhanettin Duran, Milli aňtaw gullugynyň başlygy İbrahim Kalyn, Prezidentiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Akif Çagataý Kylyç we Türki Döwletler Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi