2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolatyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.
“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan sergisiniň açylyş dabarasynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ilçiler we metbugat wekilleri gatnaşdy.
Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy. “Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Çünki Türkiýe biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Serginiň geçýän günlerinde Türkiýäniň dürli sebitlerinden gelen kompaniýalaryň onlarçasy senagatda, oba we suw hojalygynda, gurluşykda, hyzmatlar ulgamynda ýeten sepgitlerini, eksport mümkinçiliklerini görkezer” diýip, Gutlagda bellenilip geçilýär.
Soňra sergide Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat çykyş edip, türkmen-türk gatnaşyklarynyň ähmiýetini belläp geçdi. Ol iki ýurduň söwda-ykdysady mümkinçilikleriniň giň gerimde hem-de netijeli ulanyp, söwda dolanyşygynyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmegiň maksat edinilýändigini belledi.
Türk ministri 2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu serginiň üstümizdäki ýylda 11-nji gezek guralyp, oňa 49 türk kompaniýasy bilen 26 sany Türkiýäniň dürli sebitleriniň eksport bileleşikleriniň gatnaşmagynda geçirilýändigini belledi.
2023-nji ýylda Türkiýäniň Türkmenistana eksportynyň 1 milliard dollar, üstümizdäki ýylyň 11 aýynda bolsa 1 milliard dollara golaýlaýandygyny belledi.
Bu üç günläp dowam etjek köpugurly sergide türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy, ýagny senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk we elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri görkeziler.
Dostlukly ýurtlaryň gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen eksport harytlarynyň sergisi ösüş mümkinçiliklerini we işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýär. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Munuň şeýledigine ozal ýerine ýetirilen we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar şaýatlyk edýär.
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi 6-njy dekabra çenli dowam eder.