Türkiýe özüniñ tebigy aýratynlyklary we dünýäniň öňdebaryjy golf-arhitektorlary tarapyndan gurlan meýdançalary bilen golf sporty boýunça ösen ýurtlaryñ biri bolup durýar. Hususan-da, Türk Riwýerasynyñ ýüregi bolan Antalýanyň Belek sebitindäki kaşañ myhmanhalary bilen bir hatarda golf-meýdançalary hem bu ýeriñ ähmiýetini has-da artdyrýar.
Türkiyäniñ golf tejribesi XIX-njy asyryñ başlarynda başlanýar
Ýurduñ ilkinji golf-kluby 1895-nji ýylda Stambulda açylýar. Onuň yzysüre Antalýa, Mugla, Izmir, Ankara, Samsun we Aýdyn ýaly Türkiýäniň beýleki şäherlerinde golf klublary döredilipdir. Ýöne wagtyň geçmegi bilen jana ýakymly howasy bolan Antalýanyň Belek sebiti ýokary derejedäki myhmanhana hyzmatyny golf desgalary bilen sazlaşdyryp, bu ugurda üstün çykmagy başarýar. 2008-nji ýylda Halkara Golf Syýahatçylyk Operatorlary Birleşigi (IAGTO) tarapyndan Belek şäherine “Ýewropada ýylyň iň gowy golf mekany” baýragynyñ berilmegi hem munuñ aýdyñ subutnamasydyr. Bir senenamanyň dowamynda 300 gün güneşli howa eýe bolan we ortaça temperaturanyň +21-den pese düşmeýän ýurduñ bu sebitinde ýylyň dört paslynda-da golf oýnamaga mümkinçilik bar.
Türk Riwýerasynyñ bagy-bossanlyga bürenen sebitinde 11 sany golf-kluby, şeyle hem 18 sany täsin çukurjyklary bolan 17 sany çempionat meýdançasy golf söýüjilerine hyzmat edýär.
Milli we halkara derejeli ýaryşlara tomaşa etmäge, şeýle hem golf oýnamaga dünýäniň dürli künjeklerinden we Türkiýeden adamlar Belek şäherine gelýärler.
Iň köp okalýan golf neşirleriñ biri bolan “Golfer” žurnaly tarapyndan 2012-nji ýylda “Iň oňat golf mekany” diýlip ykrar edilen Belekde ýylyñ dowamynda Tiger Woods, Charl Schwartzel, Hunter Mahan, Justin Rose, Lee Westwood, Matt Kuchar, Rory McIlroy, Webb Simpson ýaly meşhur golfçylaryň gatnaşmagynda köp sanly ýaryşlar gurnalýar. “Türk Howaýollarynyñ Dünýä Golf Kubogy” we ” Türk Howaýollarynyñ Açyk Golf Ýaryşlary” bolsa olaryñ ıň görnüklisi hasaplanýar.