BIZNES

Türkiýe 2026-njy ýylda Türkmenistandan gaz importyny täzeden dikeltmegi meýilleşdirýär

Türkiýe 2026-njy ýylda Türkmenistandan tebigy gazy satyn almagy täzeden dikeltmegi we geljekde iberilýän möçberleri artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar “TRT Haber” teleýaýlymyna beren söhbetdeşliginde aýtdy.

«2026-njy ýyl türkmen gazynyň iberilip başlanmagy we onuň möçberleriniň artdyrylmagy nukdaýnazaryndan möhüm ýyl bolar», — diýip ministr nygtady.

Ministriň aýtmagyna görä, geçen ýyl Türkiýe üçin «SPG ýyly» (suwuklandyrylan tebigy gaz) boldy, sebäbi, hususan-da, ABŞ-dan uzak möhletli üpjünçilik şertnamalary baglaşyldy.

Ministr Azerbaýjany ýurduň esasy gaz üpjün edijisi hökmünde aýratyn nygtady. Ol içerki islegiň artmagy şertlerinde Türkiýe hökümetiniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görýändigini aýtdy.

Geçen ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistan Eýran arkaly “swop” boýunça Türkiýä her aýda takmynan 120 mln kub metr gazy spot bahalar bilen iberip, täze eksport ugruny açdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler