Türkiýe Respublikasynda her ýylyň 30-njy awgustynda giňden belleýän Ýeňiş güni mynasybetli dabara Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem geçirildi.
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oralyň ilçihananyň rezidensiýasynda gurnan dabarasyna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň wekilleri, Aşgabatdaky daşary ýurt ilçihanalarynyň ilçileri, halkara guramalaryň wekilleri we metbugat serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
“Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan dabarasynda çykyş eden Türkiýäniň ilçisi Togan Oral 30-njy awgustda Türkiýe Respublikasynda bellenilýän Ýeňiş gününiň ähmiýetiniň uludygyny belledi. Ol Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar barada hem durup geçip, iki ýurduň Prezidentleriniň tagallasy bilen bu gatnaşyklaryň has-da berkejekdigini belledi.
Türkiýäniň ilçihanasynyň harby attaşesi öz çykyşynda 30-njy awgustda Ýeňiş baýramy bilen bir hatarda Türkiýänyň Ýaragly güýçleriniň döredilmeginiň 100 ýyllygynyň hem belelnilýändigini uly buýsnaç bilen belläp geçdi. Ol öz çykyşynda bu ähmiýetli we möhüm baýramçylygy Türkmenistanda bellemekden gaty hoşaldygyny belläp, Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine buýsanýandyklaryny aýtdy.
Dabarada edilen çykyşlardan soňra myhmanlara hödür-kerem edildi.