DÜNÝÄ

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda Aşgabatda takmynan 100 kompaniýa we birleşigiň gatnaşmagynda türk eksport harytlarynyň 12-nji sergisi geçiriler. Serginiň açylyş dabarasyna Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolatyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu sergi türk kompaniýalaryna öz önümlerini Türkmenistan bazarynda tanyşdyrmak we işewürlik mümkinçiliklerini giňeltmek üçin meýdança hödürlemegi maksat edinýär.

Ähli türkmen kompaniýalary ýokary hilli türk önümleri bilen tanşmak we türk firmalary bilen hyzmatdaşlygyň geljegini bahalandyrmak maksady bilen bu çärä gatnaşmaga çagyrylýar.

Şeýle hem, Ömer Bolatyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirmegi göz öňünde tutulýandygy bellenilýär.

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi