JEMGYÝET

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

2024-nji ýylyň 4-6-njy dekabry aralygynda 70-den gowrak türk kompaniýasynyň gatnaşmagynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 11-nji sergisi geçiriler. Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolatyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň bu serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär.

Söwda ministri Ömer Bolatyň serginiň açylyş dabarasyndan soňra türk kompaniýalarynyň pawilýonlaryna baryp görer. Şeýle hem türkiýeli myhman Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N. Atagulyýew bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

Bu sergi, türk kompaniýalaryna Türkmenistan bazary bilen tanyşmaga we täze işewürlik mümkinçiliklerine eýe bolmaga gönükdirilendir. Türkmen kompaniýalary ýokary hilli türk önümleri bilen has ýakyndan tanyşmak we türk kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine öwrenmek üçin sergä çagyrylýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEİK) tarapyndan Türkmenistan-Türkiýe işewürler geňeşiniň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna: Rumyniýada okamak üçin resminamalar kabul edilip başlanýar

Aşgabatda geçirilen maslahat Türkmenistanyň diplomatiýasynyň barha artýan ornuny tassyklady

Türkmen ýaşlary Rumyniýanyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlary gowşurylar

Azerbaýjanyň Ilçihanasy Aşgabatda geçirilen “Diplomatiýa Güni” atly halkara sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady