Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi. Bu barada “Anadoly” habarlar gullugy habar berýär.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary BatyrAtdaýew hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew hem-de Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral tarapyndan garşy alyndy.
Türkmen paýtagtynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk hökümetara toparynyň 7-ni mejlisine gatnaşjak türkiýeli myhman Türkiýäniň Palatalar we Biržalar birleşmesiniň hem-de DEIK guramasynyň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda geçiriljek Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşar.
Şeýle hem bu saparyň çäklerinde geçiriljek türkmen-türk hökümetara toparynyň 7-nji mejlisiniň teswirnamasyna gol çekiler. Mundan başga-da, türkmen-türk işewürler forumy geçiriler.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz Arkadag şäherine hem-de Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görer.
