TEHNOLOGIÝA

Türkiýäniň ilkinji elektrikli awtoulagy

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýede işlenip düzülen “TOGG T10X” kysymly ilkinji awtoulagyň eýesi boldy.

Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, awtoulagyň açaryny gowşurmak dabarasy Prezident köşgünde geçirildi.

“Şu günden başlap, “Togg” kysymly awtoulaglary köçelerde görüp başlarys” – diýip, Prezident Ärdogan belläp geçdi.

Onuň bellemegine görä, “TOGG” kysymly ilkinji elektromobiliň işlenip düzülmegi we öndürilmegi, şeýle hem onuň ýokary derejesine çykmagy tehnologiýanyň weykdysadyýetiň ösen derejesiniň nyşanydyr.

Prezident Ärdogan bu awtoulagyň diňe bir Türkiýede däl, eýsem tutuş dünýäde uly meşhurlyk gazanjakdygyna ynam bildirdi.

bu awtoulag üçin häzirden 177 müň sargyt edildi. Şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň bu ulag boýunça sargydynyň taýýar edilendigi, şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem sargyt edendigi bellenildi.

“TOGG” elektrik awtoulagy bir zarýadda 500 km çenli ýol geçip biler. Awtoulag 4,8 sekuntda 100 km / sag tizlige ýetip biler we elektrik hereketlendirijisiniň iň ýokary güýji 400 at güýjüne eýedir.

Ýene-de okaň

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler