JEMGYÝET

Türkiýäniň ilçisi: 2025-nji ýylda türkmen raýatlaryna takmynan 120 müň wiza berildi

Türkiýe Respubliklasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen metbugat duşuşygyny geçirdi. Onda 2025-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanylan oňyn netijeler barada maglumatlar berildi. Metbugat wekilleri bilen duşuşyga “Ata Watan Media” toparynyň wekili hem gatnaşdy.

Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok özara ýokary derejeli saparlar we amala aşyrylan hyzmatdaşlyklar arkaly 2025-nji ýylyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky strategiki gatnaşyklaryň uly üstünliklere beslenendigini belledi.

– Iki doganlyk ýurt bolan Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar örän möhümdir. Türkmenistanda türk seriallaryna we filmlerine, şeýle hem türk aýdym-sazlaryna gyzyklanma bildirilýänine biz diýseň şat. Medeniýet we syýahatçylyk ministrligimiziň maglumatlaryna görä, geçen ýyl takmynan 200 müň türkmen raýaty biziň ýurdumyza geldi. 2025-nji ýylda Ilçihanamyz tarapyndan türkmen raýatlaryna takmynan 120 müň wiza berildi – diýip, ilçi belledi.

Şeýle hem ilçi Türkiýede ýokary bilim almak isleýän ýaş türkmenistanlylar üçin Türkiýe talyp haky maksatnamasynyň bardygyny belläp, 1992-nji ýyldan bäri 5 müňden gowrak türkmen talybyna talyp haky berlendigini aýtdy.

Tükriýäniň ilçisi 2026-njy ýyl üçin Türkiýe talyp haky maksatnamasyna ýüz tutmalaryň 2026-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda başlandygyny we 20-nji fewrala çenli dowam etjekdigini belläp, Ýokary bilim geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistandan takmynan 40 müň talybyň Türkiýede okaýandygyny, şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasynyň türkmen ýaşlarynyň bilim almak üçin saýlap alýan iň esasy ýurdunyň bolmagy Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklarynyň ýene bir görkezijisidigini aýtdy.

 

 

Ýene-de okaň

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Jidde gatnawlary 1-nji aprele çenli ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin sebitleýin okuw maslahaty geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlary gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy