Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde Merkezi Aziýa we Türki Döwletleriň Guramasy boýunça baş müdirlik döredildi. Bu babatda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gol çeken karary tassyklaýar.
Umuman, türki dilli döwletler bilen hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy üçin Merkezi Aziýa we Türki Döwletleriň Guramasy boýunça baş müdirlik döredildi.
Türkiýänyň daşary syýasat edarasynyň işiniň guramaçylyk şertlerini has-da putgalandyrylmak babatda kabul edilen resminama laýyklykda, Amerika we Latyn Amerikasy bölümleri aýrylyp, Latyn amerika baş müdirligi döredildi.
Şeýle hem Eýran we Yrak Günorta Aziýa bölüminden aýrylyp, Eýran-Yrak baş müdirligi döredildi. Mundan başga-da, ynsanperwer we tehniki kömekleri alyp barmak maksady bilen ýene-de bir baş müdirlik döredilip, bu işleri utgaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
