Geçen ýyl Türkiýä gelen jahankeşdeleriñ sany 64 milliona ýetdi. Syýahatçylyk pudagynyň ýurda getiren girdejisi bolsa 65 milliard 231 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu ýurduň syýahatçylyk pudagynyň taryhynda ýetilen iň ýokary görkezijileriñ biri bolup durýar. Bu barada Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Stambulda geçirilen metbugat ýygnagynda habar berdi.
«BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň maglumatlaryna görä, türk syýahatçylygynyň diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä derejesinde ornuny pugtalandyrýar. 2017-nji ýylda iň köp syýahatçy kabul eden ýurtlaryň arasynda sekizinji bolan Türkiýe, 2024-nji ýyla çenli bolsa dördünji orna göterildi. Syýahatçylyk girdejileri boýunça 2017-nji ýyldaky 15-nji orundan 2024-nji ýyla çenli ýedinji orna çykmagy başardy. Şunlukda, 2026-njy ýylynda pudakdan 68 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan girdeji gazanmagy maksat edinýäris» – diýip, ýurduñ Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý öz çykyşynda belledi.
Ministr diwersifikasiýalaşdyrmaga üns berýän Türkiýäniň häzirki wagtda deňiz we plýaž dynç alyşyndan daşary, medeni, dini, tebigy, ekologik, arheologik, sagaldyş, gastronomiýa, kongres-sergiler, kruiz we gyşky syýahatçylyk ýaly ugurlaryñ çalt depginlerde ösdürilýändigini aýtdy.
«Geljek üçin miras» taslamasynyñ, şeýle hem gijeki muzeý gezelenjiniñ ähmiýetinden söz açan Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, mahabat strategiýasynyñ çäklerinde düşürilen kiçi göwrümli seriallaryñ hem dünýä derejesinde uly üstünlik gazanandygyny nygtady. Munuň şeýledigine «Stambul hekaýaty» atly serialynyň ýekeje bölüminiň 32 million adamyñ tomaşa etmegi, iň az tomaşa edilen bölüminiñ hem 10 milliona ýetmegi şaýatlyk edýär.
Türkiýäniň 2025-nji ýylyndaky syýahatçylyk pudagy boýunça seljerilen görkezijileriň netijeleri:
| 2025 | 2024-2025-nji ýyllaryň ösüşi | 2017-2025-nji ýyllaryň ösüşi | |
| Ýurda gelen jahankeşdeleriñ sany: | 63.941.000 | +2.7 göterim | +68 göterim |
| Syýahatçylyk girdejileri: | 65,231 milliard ABŞ dollary | +6.8 göterim | +109 göterim |
| Bir gije üçin sarp edilen çykdajy: | 100,0 ABŞ dollary | +3.6 göterim | +36 göterim |
Gelen syýahatçylaryň sany boýunça öňdeligi eýeleýän ýurtlar:
- Russiýa Federasiýasy: 6.90 million
- Germaniýa: 6.75 million
- Beýik Britaniýa: 4.27 million
