JEMGYÝET

Türki geňeş we YHG-niň sammiti barada brifing

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýerli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçirildi. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşan metbugat ýygnagynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew möhüm syýasy wakalar barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türki geňeşiň VIII sammitiniň netijeleri we Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berdi.

Metbugat ýygnagynda berlen maglumatda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen Türki geňeşiň VIII sammitiniň Türkmenistan bilen bu gurama agza ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyny belledi.

Şeýle hem milli Liderimiziň birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirendigi we şol duşuşyklarda döwletara gatnaşyklarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi.

YHG-NIŇ SAMMITINIŇ GÜN TERTIBI WE GEÇIRILJEK ÇÄRELER

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew metbugat ýygnagynda 26-28-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammiti we onuň çäklerinde geçiriljek çäreler barada maglumat berdi.

26-njy noýabrda gurama agza ýurtlaryň ýokary derejedäki wekilleriniň duşuşygy, 27-nji noýabrda bolsa guramanyň daşary işler ministrleriniň duşuşyklarynyň geçiriljekdigi aýdyldy.

Daşary işler ministrleriniň duşuşygynda YHG-niň sammitiniň gün tertibine degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçiriljek sammitiň çäklerinde hem gurama agza döwletleriň ýolbaşçylarynyň çykyş etjekdigi, şeýle hem söwda-ykdysady we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň maslahatlaşyljakdygy bellenildi.

Şeýle hem bu sammitiň çäklerinde işewürler forumynyň hem guralmagy meýilleşdirilýär.

TÜRKI GEŇEŞIŇ ADYNYŇ ÜÝTGEDILMEGI MÖHÜMDIR

Metbugat ýygnagyndaky sowal-jogap bölüminde Stambulda geçirilen Türki geňeşiň sammitinde geňeşiň adynyň üýtgedilendigi we munuň guramanyň işine nähili ähmiýetiniň boljakdygy soraldy.

Şol sowala berlen jogapda, umuman guramalaryň döremeginiň şertlerinde ilki bilen geňeş we soňra gurama öwrülýändigini bellenildi. Ol hem geňeş döwründe wekilçilik derejesiniň başgaça, gurama döwründe wekilçilik derejesiniň başgaça bolýandygy bellenilip, gurama öwrülmeginiň möhüm ähmiýete eýe boljakdygy bellenildi.

Şeýle hem bu geňeşde Türkmenistanyň synçy agzalyga kabul edilmeginiň hem täze sahypany açjakdygy mälim edildi.

Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üçtaraplaýyn sammite taýýarlyk görülýär

 

 

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär