MEDENIÝET

Türki dünýäniň medeni paýtagty – Änewde geçiriljek çäreleriň meýilnamasy tassyklandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da ösdürmek, şeýle hem 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky 39-njy mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, degişli guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi, şeýle-de geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Medeniýet ministrligine degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde Meýilnamada göz öňünde tutulan dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy