JEMGYÝET

Türk ilçisi: türkmen tebigy gazynyň günbatar bazaryna iberilmegine umyt bildirýäris

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok ýerli we daşary ýurtly habarçylar bilen geçiren metbugat duşuşygynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň, hususan-da “Merkezi geçelge” taslamasy boýunça Azerbaýjanyň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini belledi.

Türkiýe Respublikasynyň tebigy gaz we ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belläp, Türkiýäniň Hazar sebitiniň energiýa çeşmeleriniň TransAnadoly gaz geçiriji arkaly Ýewropa iberilmegine mümkinçilik döredýändigini aýtdy.

– Türkmenistan diňe bir tebigy gaz däl, eýsem döredýän elektrik energetika infrastrukturalary bilen elektrik energetika eksportunda hem möhüm orun eýeleýär. Türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň ýakyn wagtda günbatar bazaryna iberilip başlamagyna umyt bildirýäris – diýip, belledi.

Türkiýäniň ilçisi iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, Türkmenistanda türk kinolaryna we seriallaryna bolan gyzyklanmanyň ýokarydygyny görmegiň buýsandyryjy wakadygyny aýtdy.

Ilçi geljekde bu ugurda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet beriljekdigini belläp, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragy ýyly yglan edilmegi bilen köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Bu ugurdaky çärelere türk tarapynyň işjeň gatnaşmagy ugrunda tagalla ediljekdigini aýtdy.

Türk ilçisi Änewiň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” yglan edilmeginiň hem özboluşlydygyny belläp, bu ugurdaky çärelere gatnaşmaga we goldaw bermäge taýýardyklaryny belledi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär