BIZNES

Türk ilçisi: energetika Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzyň möhüm ugry

Türkiýe Respublikasy Türkmenistan bilen energetika pudagynda hyzmatdaşlygy gün tertibiniň möhüm ugry hökmünde hasaplaýar. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok türkmen metbugat wekilleri bilen geçiren duşuşygyndaky çykyşynda belledi.

– “BOTAŞ” bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda 2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistandan her ýyl 2 milliard kubmetre çenli tebigy gazyň Eýranyň üsti bilen çalşyk (swap) usuly arkaly Türkiýä iberilmegini göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekilmegi bilen, Türkmenistandan ýurdumyza tebigy gaz akymy 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap amala aşyrylyp başlandy. Türkmen tebigy gazynyň ýurdumyza iberilmegi 30 ýyldan gowrak wagt bäri gün tertibinde bolup gelýärdi. Şeýlelikde, bu arzuwy türkmen doganlarymyz bilen bilelikde durmuşa geçirmegimiz bize uly ynam berýär – diýip, ilçi belledi.

Türkiýäniň ilçisi türkmen tebigy gazynyň Türkiýä iberilmegi, Türkmenistanyň ählumumy energetika bazarynda ygtybarly hyzmatdaşdygyny bütin dünýä görkezýän taryhy waka bolandygyny belledi.

Türk ilçisi gysga möhletde “swap” usuly arkaly, orta we uzak möhletde bolsa Hazarüsti gaz geçiriji turbageçirijisiniň durmuşa geçirilmegi bilen, türkmen tebigy gazynyň Türkiýä hem-de Ýewropa bazarlaryna iberilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Hazarüsti gaz geçirijisi taslamasynyň Türkmenistan we Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylyp bilinjekdigine ynanýandyklaryny bellän doganlyk ýurduň ilçisi Ahmet Demirok bu taslama arkaly türkmen tebigy gazy, ilki bilen Türkiýä, soňra bolsa ähli Ýewropa bazarlaryna gönüden-göni iberilip bilinjekdigini aýtdy.

– Dünýäde dowam edýän ýagdaýlary nazara alanyňda, türkmen gazynyň günbatar bazarlaryna ugradylmagy üçin amatly döwrüň dowam edýändigini hasaplaýarys. Bu mümkinçilik ýagdaýynyň hemişe bolup durmajakdygyny göz öňünde tutup, gijikdirmän işe girişmek zerurdyr -diýip, ilçi belledi.

Şonuň üçin hem gysga möhletde bar bolan infrastruktura peýdalanyp hyzmatdaşlyga başlamak, orta we uzak möhletde bolsa zerur bolup biljek infrastruktura ýetmezçiliklerini aradan aýyrmak we täze maýa goýumlaryny amala aşyrmak arkaly dörediljek hyzmatdaşlygyň ähli gatnaşyjy taraplara peýda getirjekdigini belläp geçdi.

Türkmenistan, bar bolan hem-de gurulýan döwrebap elektrik stansiýalary bilen birlikde, diňe tebigy gaz däl, eýsem elektrik energiýasynyň eksporty babatda hem möhüm orna eýedir. Türkmen elektrik energiýasynyň günbatar bazarlaryna daşalmagynyň hem energetika ulgamynda hyzmatdaşlyga täze ugur getirjekdigini aýtmak bolar, diýip ilçi çykyşynda aýtdy.

Ýene-de okaň

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar