DÜNÝÄ

Türk deputaty: türkmen-türk gatnaşyklary okgunly ösüşe eýedir

Türki döwletleriň parlament assambleýasynyň (TÜRKPA) ýaş parlamentarlar toparynyň başlygy hem-de  Adalat we Ösüş partiýasynyň Newşehir boýunça deputaty Emre Çalyşkan paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyna we sergisine gatnaşdy.

Türkiýeli deputat serginiň çäklerinde beren beýanatynda tükrmen tarapynyň çakylygy boýunça şeýle ajaýyp çäre gatnaşýandyklaryny belläp, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen Tükrmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösüşe eýe bolýandygyny belledi.

Iki ýurduň arasynda taryhy we medeni umumylyklaryň bardygyny bellän Emre Çalyşkan döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary has-da ýokary derejelere çykarmak üçin ýaş parlament wekillerine hem uly işleriň düşýändigini mälim etdi.

Türkiýäniň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda 50 milliard dollardan gowrak potratçylyk işleriniň ýerine ýetirilendigini bellän türk deputaty Türkiýede 15 müň töweregi türkmen talybynyň bilim alýandygyny we geljekde gatnaşyklary ösdürmek ugrunda uly mümkinçilikleriň bardygy belledi.

Türki döwletleriň parlament assambleýasynyň (TÜRKPA) wekili Çalyşkan Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň hem-de Türki döwletleriň parlament assambleýasynyň doly hukukly agzasy bolmagyny arzuw edýändiklerini belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy