Şu ýylyň 21-27-nji maýy aralygynda türk aşhanasynyň halkara baýramçylygy bolan türk aşhanasynyň hepdeligi tamamlandy. Türk aşhanasynyň hepdeligi onlarça dürli medeniýetiň, bol hasylly tebigatyň hem-de baý taryhyň özboluşly jemlenmesidir.
Türk aşhana hepdeligi üstümizdäki ýylda ikinji gezek bellenilip,ol bu gezek Hataý sebitine bagyşlandy. Hataý welaýaty ÝUNESKO tarapyndan şäherleriň döredijilik toruna gastronomiýa ugry bilen saýlanan sebitleriň biridir.
Bu aşhana hepdeliginde türk aşhana medeniýeti tarapyndan kabul edilen ekologiýa taýdna rassa we galyndysyz önümçilige aýratyn ähmiýet berilýär.
Bu hepdelik diňe bir Türkiýede däl, eýsem Türkiýäniň ençeme ýurtlardaky ilçihanalarynda-da giňden ýaýbaňlandyryldy.
Türk aşhana hepdeliginiň çäklerinde oňa gatnaşyjylara Hataý sebitiniň tagamlaryny taýýarlamaga mümkinçilik döredilip, ol ýerde däp bolan tagam taýýarlamak usullary görkezildi.
Bu çarälere gatnaşyjylar türk aşhanasynda tagam taýýarlamak usullary bilen tanşyp, onuň özünde jemleýän galyndysyz we ekologiýa taýdan arassa önümleriň peýdalanmagy pelsepesi barada giňişleýin maglumat almak mümkinçiligine eýe boldular.
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we onuň ýanýoldaşy Emine Ärdoganyň, Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň başlangyjy goldawy bilen dünýäniň çar künjeginde geçirilýän milli tagamlaryň hepdeliginde ýüzýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türk tagamlaryny taýýarlamagyň däp-dessurlary görkezilýär.
