BIZNES

Tunes balygy 271 müň dollara satyldy

Ýaponiýada adatça, her ýylyň ilkinji aýynda gök reňkli tunes balygy auksionda satylýar. Bu gezek 212 kilogram agramdaky balyk 36,04 million ýen, ýagny takmynan 271 müň dollara satyldy. Bu auksiona ýurduň restoran işewürliginiň wekilleri gatnaşýar.

Ýapon metbugatynyň habaryna görä,  satulan tunes balygy Aomori prefekturasynyň Oma portundan getirildi. Üstümizdäki ýylda balygyň bahasy birneme arzan boldy. Meselem, 2019-njy ýylda 278 kilogram agramdaky balyk 3 million dollara satylypdy. 

Restoran pudagynyň wekilleri ýylyň başynda geçirilen auksionda amala aşyrylan söwda işleriniň üstünlikli bolmagyna kömek edýändigine ynanýarlar. Şeýle hem bu gymmat bahaly balykdan iýip görmek üçin goşmaça müşderi çekmäge mümkinçilik berýär.

Geçen ýyl gök reňkdäki tunes balygy 16.9 million ýene satylypdy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär