Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzda iş saparynda bolan Ýewropanyň “Euronews” teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Matiýew bilen teleýaýlymyň söwda we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwian Žan Iw Rože bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň barşynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada pikir alyşdy we halkara maglumat giňişliginde uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilen meýilnamalar kesgitlendi.
Taraplar, soňky on ýylda Türkmenistanda bolup geçen möhüm wakalary beýan etmek üçin birnäçe üstünlikli taslamalaryň durmuşa geçirilendigini görkezýän netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler.
“Euronews” bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bolan ynamy we ünsi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, Ýewropa teleýaýlymynyň wekilleri bilelikdäki işleri güýçlendirmek we özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda bilelikdäki maglumat materiallaryny taýýarlamakda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistanda bolup geçýän özgerişlikleri, hususan-da, biziň ýurdumyzda bolup geçen halkara we sebit ähmiýetli wakalary Ýewropa teleýaýlymynda şöhlelendirmek üçin geljegi uly taslamalara üns berildi.
Myhmanlara Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde täze döredilen Halkara habarlar merkeziniň işi barada maglumat berildi.
Bu nukdaýnazardan, “Euronews” -yň wekilleri Türkmenistan bilen halkara maglumat pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin uzak möhletleýin strategiki garaýyşlaryny beýan etdiler.