SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Tudyň adam saglygyna edýän täsiri

Çagalar tarapyndan söýlüp iýilýän miweleriň biri hem tutdur.Akly, gyzylly, garaly görnüşleri bilen ulyny-kiçini özüne çekýän tudyň adam saglygyna  peýdasy uludyr. Tut birnäçe keselleriň öňüni almaga hem ýardam edýär. Ol witaminlere we minerallara baýdyr. Düzümi demir, C witamini, K witamini, fosfor, kalsiýdan ybaratdyr.

Gan azlygyň öňüni alýar. Tudyň düzümindäki demir gyzyl gan öýjükleriň hereketine täsir edýär. Şeýle hem tut adamyň gözüne hem öz paýdasyny ýetirýär.

Düzüminde A we C witaminiň bolmagy adam bedeninde rak keseliniň döremeginiň öňüni almagyna ýardam edýär.

Tut adamyň iýmit siňdiriş ýollaryna hem täsir edip, iýmitleriň çalt siňmegine öz täsirini ýetirýär.

Süňkleri berkidýär. Düzümindäki demir we kalsiý süňkleriň berkemegine ýardam edýär. A witaminiň barlygy sebäpli adam bedeninde döreýän ýygyrtlaryň azalmagyna hem täsir edýär.

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 9 mlrd dollara ýetdi

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar