JEMGYÝET

Türkmen-koreý gatnaşyklary sanlarda

Paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy.

Şeýle hem  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşdy.

TÜRKMEN-KOREÝ GATNAŞYKLARY SANLARDA:

  •  Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar boýunça 105 sany resminama gol çekildi. Şolardan 26-sy döwletara we hökümetara resminamalar, 79-sy bolsa pudagara resminamalar bolup durýar.
  • Türkmenistanda Günorta Koreýanyň maýasynyň gatnaşmagynda 13 sany kärhana hasaba alyndy. Häzirki wagta çenli ýurdumyzda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 14 sany maýa goýum taslamasy bar.
  •  «Hyundai» kysymly 1630 sany awtobus we 300 sany ýeňil taksi awtoulagy satyn alyndy.
  • Häzirki wagtda «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» gämi gurluşyk senagaty tehnologiýa kärhanasynyň gatnaşmagynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygy hem alnyp barylýar.
  • Söwda we maýa goýum, himiýa, nebitgaz pudagy, gämi gurluşygy, ulag-logistika, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, bilim ulgamy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlendi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi