Paýtagtymyz Aşgabadyň adybir “Aşgabat” kinoteatrynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm waka bolup geçdi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň (TRT) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda “TRT Awaz” teleýaýlymy tarapyndan taýýarlanan “Türkmen akyldary Magtymguly” hem-de “Geljegiň şäheri Arkadag” atly gysga metražly filmleriň görkeziliş dabarasy geçirildi. Oňa “Atawatan Media” topary hem gatnaşdy.
Bu möhüm çärä Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok, Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň “TRT Awaz” teleýaýlymynyň utgaşdyryjysy Ýüjel Kylyçkaýa, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň ilçileri, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleri hem-de talyplar gatnaşdy.
Dabaranyň başynda Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň türki döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen döredilen “TRT Awaz” teleýaýlymyny tanyşdyrylan wideofilm görkezildi. Bu ýaýlymda berilýän gepleşikler türki halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Soňra Türkmenistanyň möhüm hem-de şanly senelerine bagyşlanan “Türkmen akyldary Magtymguly” hem-de “Geljegiň şäheri Arkadag” atly gysga metražly filmler görkezildi.
Birinji filmde türkmen halkynyň akyldary, meşhur şahyry Magtymguly Pyragynyň türkmen hem-de türki halklarynyň durmuşyndaky orny açylyp görkezilýär. Onuň döredijiliginiň hem-de goşgularynyň türkmen hem-de dünýä halklaryny agzybirlige, jebislige hem-de özara hormat goýmaga çagyrýandygy bellenilip geçilýär.
Çäräniň ikinji böleginde “Geljegiň şäheri Arkadag” filmi görkezilip, bu filmde sebitiň ilkinji “akylly” şäheri bolan Arkadag şäheriniň döwrebap şähergurluşyk infrastrukturasy açylyp görkezilýär.
Dabarada çykyş eden Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň (TRT) Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekili Ugur Sami Gezer öz çykyşynda: “TRT-niň Türkmenistandaky wekilhanasy hökmünde biziň wezipesi umumy taryhymyzyň sesini we umumy geljegimiziň dilini dünýä ýetirmekden ybaratdyr. Soňky döwürde Aşgabat şäheriniň ajaýyplyklaryndan başlap, Merw bilen Köneürgenjiň gadymy mirasyna, Nejmeddin Kübradan Garagumyň zähmet we öndürijilik taryhyna çenli dürli mazmunly işler taýýarladyk. Habar çeşmelerinden dokumental filme, jemgyýetçilik mediadan giň möçberli arhiw işlerine çenli bu önümçilikde maksadymyz Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlygynyň anyk ugurlaryny hemişelik ýatda galyjy dokumental filme öwürmek bolup durýar” diýip belledi.
“TRT Awaz” teleýaýlymynyň utgaşdyryjysy Ýüjel Kylyçkaýa bolsa öz çykyşynda: “TRT AWAZ hökmünde 16 ýyl bäri türki dünýäsiniň ses bolmaga çalyşýarys. Biziň maksadymyz diňe bir teleýaýlym bolmak däl; has uly wezipe hyzmat etmekdir: umumy medeniýetimizi, taryhymyzdan alýan ylhamymyzy we geljege bolan umumy arzuwlarymyzy ekranlara çykarmak” diýip belledi.
Ýüjel Kylyçkaýa TRT teleýaýlymy tarapyndan taýýarlan 2 sany möhüm gysga metražly filmleriň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda möhüm orun eýelejekdigine ynam bildirdi.
Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň (TRT) Türkmenistandaky wekilhanasy mundan ozal hem birnäçe gysga metražly filmleri taýýarlap, halk köpçüligine ýetirdi. Olaryň hatarynda “Aşgabat merjen şäher”, ýurdumyzyň gadymy mekanlary bolan Merw hem-de Köneörgenç barada hem gyzykly filmler taýýarlady.