BIZNES

Türkmenistan : Merkezi Aziýanyň Merjeni

Bu ýurtda soňky 25 ýylyň dowamynda özleşdirilen maýa goýumlarynyň umumy möçberi ABŞ-nyň 144 milliard dollaryndan gowrak boldy, onuň esasy bölegi ýurduň önümçilik gaznasyna gönükdirildi. Häzire çenli önümçilik we önümçilik däl maksatly gurlan hem-de ulanylmaga berlen iri desgalaryň sany 550-den geçdi. Geçen döwürde senagat önümleriniň möçberi 7 esseden hem köp artdy.

Häzirki döwürde bu ýurtda her ýyl 3,5 million tonna sement öndürilýär. Bu bolsa 1991-nji ýyldakydan 4 esse ýokarydyr. Soňky çärýek asyryň dowamynda elektrik energiýasynyň önümçiligi 55,7 göterim, suwuklandyrylan tebigy gazyň önümçilgi 23 esse, mineral dökünleriň önümçiligi bolsa 2,8 esse ýokarlandy.

Ýaşaýyş maksatly gurlan binalaryň umumy meýdany 35 million inedördül metre baryp ýetdi. Indi adam başyna düşýän ýaşaýyş meýdany 23,2 inedördül metrdir. Bu görkeziji 1991-nji ýyldakydan 2 esse ýokarydyr. Bu ýurduň daşary söwda dolanşygy 1995-nji ýyldan bäri 8 esse ýokarlandy. Ol dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy.

Ýokarky agzalan görkezijiler Merkezi Aziýanyň hemişelik bitarap ýurdy Türkmenistana degişlidir. Türkmen Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda döwletiň iň ýokary wezipesine saýlanany bäri, bu ýurduň nebit we gaz, gurluşyk, önümçilik senagaty, ýeňil senagat, azyk senagaty, aragatnaşyk, transport, işewürlik we oba hojalygy pudaklaryndaky ykdysady ösüşler ýokary görkezijilere eýe boldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanylan ykdysady üstünlikler häzir Türkmenistandaky jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda aýdyň görünýär. Orta derejeli Türkmen maşgalasy indi bir ýylky sap girdejisi bilen özüne arkaýyn täze awtoulag satyn alyp bilýär, şeýle hem 10 ýyldan 30 ýyla çenli ýeňillikli şertler bilen berilýän ýaşaýyş jaýlaryna eýe bolup bilýär. Ene-atalaryň indi çagalaryny dünýäniň iň öňde baryjy uniwersitetlerine okuwa ibermäge gurby çatýar. Orta gatlak türkmen raýaty üçin indi daşary ýurda dynç almaga gitmek hiç-hili mesele däl. Täze biznesleri ýola goýmak hususy telekeçiler üçin indi juda ýeňil boldy.

Halkara Pul Gaznasy bolsa dünýä ykdysadyýetine degişli 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda çap eden täze hasabatynda Türkmenistanyň 2017-ýyl üçin Umumy Içerki Önümçiliginiň (UIÖ) ösüş görkezijisi boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy. Halkara faktorlara garamazdan, HPG şu ýyl Türkmenistanyň UIÖ ösüşiniň 6,2 göterim boljagyny çaklaýar. Ençeme halkara we ýerli bilermenleriň aýtmagyna görä, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan uly möçberli ykdysady reformalaryň üstünlik gazanmagy bu görkezijiniň ýokary bolmagyna ýol açypdyr.

Çeşme : Atavatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

Ýene-de okaň

Türkmenistan 700 sany “Yutong” kysymly awtobuslary satyn alar

Ata Watan Eserleri

“Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasyny gurar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk söwda nokatlary açylar

Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýrar

2023-nji ýylda Türkmenistanda 11 müňden gowrak täze iş orunlary döredildi

Niderlandlaryň agrosenagat kompaniýalarynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda boldy