JEMGYÝET

Türkmen-Polýak hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak maksady bilen gelen Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Baku ş.) j-p Marek Ýanuş Salka bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňaýly ösýändigini belläp, taraplar geljekdäki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikli ugurlary babatda pikir alyşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn hukuk-şertnama binýadyny berkitmegiň zerurlygy, işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we maýa goýumlaryny höweslendirmekdäki mümkinçiliklere seretmegi ylalaşdylar.

Taraplar özara bähbtli hyzmatdaşlygyň netijeli ösüşini kanagatlanma bilen bellediler we yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň türkmen-polýak hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine ýardam edýän möhüm gurallaryň biri bolup durýandygyny belläp geçdiler. Şol bir wagtda iki ýurt tarapyndan ýokary derejede, şeýle hem iki döwletiň ministrlikleriniň we edaralarynyň arasynda  alnyp barylýan syýasy gatnaşyklar özaragatnaşyklaryň esasy bolup durýar, diýilip bellenildi.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady