BIZNES

“Trendyol” kompaniýasynyň gymmatyny ýokarlandyrdy

“Trendyol” kompaniýasynyň gymmaty 16,5 milliard dollara çenli ýokarlandy we “dekakorn” kesgitlemesine eýe bolan ilkinji türk tehnologiýa kompaniýasy boldy.

Elektron söwda platformasy “Trendyol” 1,5 milliard dollar täze maýa goýum bilen bahasyny 16,5 milliard dollara çenli ýokarlandyrdy. Şeýlelikde, “Trendyol” 10 milliard dollardan geçýän kompaniýalar üçin ulanylýan “dekakorn” kesgitlemesini alan ilkinji türk tehnologiýa kompaniýasy boldy.

Täze maýa goýum tapgyryna, Ýaponiýada ýerleşýän SoftBank maýa goýum geňeşçileri tarapyndan dolandyrylýan ABŞ-nyň özara gaznasy “General Atlantic” we “SoftBank Vision Fund 2” ýolbaşçylyk etdi.

Maýa goýum tapgyrynda Berlinde ýerleşýän “Princeville Capital”, ADQ (BAE) we Kataryň maýa goýum gullugy (QIA) hem gatnaşdy. “Trendyol”-yň häzirki maýadary “Alibaba” hem şu ýylyň başynda goşmaça 350 million dollar maýa goýdy.

Täze maýa goýum tapgyry bilen Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň, Ýakyn Gündogaryň we Türkiýäniň möhüm maýadarlary “Trendyol”-yň paýdarlar gurluşyna gatnaşdylar.

“Trendyol” -yň esaslandyryjysy Demet Mutlu, Türkiýede millionlarça adamy iş bilen püjünçilik etmäge mükinçilik döredýändiklerini,  harytlary paýlamak, gaplamak we müşderi hyzmaty ýaly pudaklarda köp sanly adam iş üpjünçiligi bilen umumy 1,1 million adamyň iş üpjünçiligine goşant goşaýnadyklaryny, 2023-nji ýylda bu görkezijini 2,4 million adama ýetirmegi maksat edinýäklerini belledi.

2010-njy ýylda döredilen Türkiýäniň öňdebaryjy we dünýäde öňdebaryjy elektron söwda platformalarynyň biri bolan “Trendyol” 30 milliondan gowrak müşderä günde 1 milliondan gowrak haryt gaplamasyny iberýär.

 

Huşundan gidip, çempion boldy

Ýene-de okaň

Azerbaýjan 3.8 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Täze maldarçylyk fermasy gurulýar

Hindistan suwuklandyrylan gaz importynda Fransiýadan geçdi

Pekin şäherinde Türkmenistanyň maýa goýum mümçilikleri bilen tanyşdyryldy

Türkmenistan bilen Gruziýa gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşyk baglaşdylar

Özbegistanda üçünji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek teklip edildi