TEHNOLOGIÝA

Tramp: emeli intellekt üçin 500 milliard dollar gönükdiriler

Golaýda wezipesine girişen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp öz ýurdunda “Stargate” atly kompaniýa döredilip, bu kompaniýanyň emeli intellekt üçin 500 milliard dollar maýa goýumlaryny gönükdirjekdigini habar berdi.

Bu barada Prezident Tramp “OpenAI” kompaniýasynyň baş direktory Sam Altmanyň, “Oracle” kompaniýasynyň esaslandyryjy Larri Ellisonyň hem-de “SoftBank Group” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Masaýoşi Sonuň gatnaşmagynda Ak Tamda geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdi.

ABŞ-nyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, täze dörediljek “Stargate” kompaniýasy taslamasyna “OpenAI”, “SoftBank Group”  we “Oracle” ýaly kompaniýalar goşular.

– Bu  dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa ägirtleri “Stargate” kompaniýasyny döretmegi yglan ederler. Muny bir ýere belläp goýup, sebäbi mundan soňra köp eşidersiňiz. Bu täze amerikan kompaniýasy bolup, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda emeli intellekt üçin azyndan 500 milliard dollar maýa goýumlaryny gönükdirerler – diýip, Tramp belledi.

Şeýle hem Trampyň belläp geçişi ýaly, bu taslama 100 müň täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer.

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar