DÜNÝÄ

Tramp bilen Szinpin 6 ýyldan soňra duşuşdy

Günorta Koreýanyň Pusan şäherindäki Kimhe harby bazasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň duşuşygy boldy diýip, Ak Tama degişli metbugat wekilleriniň topary habar berýär.

Amerikan lideri hytaýly kärdeşini mübärekläp, Pekin bilen Waşingtonyň birnäçe esasy mesele boýunça eýýäm ylalaşyk gazanandygyny we sammitiň dowamynda oňyn dialogy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny belledi.

Ol duşuşygyň söwda ylalaşygynyň gol çekilmegi bilen tamamlanmagynyň ähtimaldygyny-da inkär etmedi. Onuň sözlerine görä, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar dostlukly häsiýetde galýar.

«Başlyk Si — beýik ýurduň beýik ýolbaşçysy. Men biziň gatnaşyklarymyzyň berk we uzak möhletleýin boljakdygyna ynanýaryn» diýip, ABŞ-nyň Prezidenti nygtady.

Si Szinpin öz gezeginde Hytaý bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň özara üstünlik we gülläp ösüşe ýardam berip biljekdigini, Hytaýyň ösüşiniň Waşingtonyň «Amerikany gaýtadan beýik etmek» maksatlaryna ters gelmeýändigini aýtdy.

«Men Prezident Tramp bilen hytaý-amerikan gatnaşyklarynyň esaslaryny pugtalandyrmak we iki ýurduň ösüşi üçin amatly şertleri döretmek ugrunda işleşmäge taýýar» diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçysy nygtady.

Tramp bilen Si Szinpiniň bu duşuşygy 1 sagat 40 minut dowam etdi.

Mundan ozal, iki ýurduň ýolbaşçylary 6 ýyl mundan ozal, ýagny 2019-njy ýylda Osakada geçirilen G20 sammitinde duşuşypdy.

Ýene-de okaň

Samarkantda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji maslahaty öz işine başlaýar

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň 102 ýyllygy dabaraly bellendi

Türkmenistan nobatdaky ählihalk bag ekmek çäresine taýýarlyk görýär

Tramp iň ýokary döwlet ordeni bilen sylaglady

Eýran Täjigistana sebit üçin umumy pul birligini döretmegi teklip etdi

Türkmen wekiliýeti YHG-niň içeri işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy