DÜNÝÄ

Tramp bilen Putin Wengriýada duşuşarlar

ABŞ-nyň we Russiýanyň prezidentleri Donald Tramp bilen Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Olaryň söhbetdeşligi iki sagatdan gowrak dowam etdi.

Ak Tamyň ýolbaşçysy bu söhbetdeşligiň netijeli bolandygyny aýtdy.

— Prezident Putin meni we ABŞ-nyň halkyny Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň ýola goýulmagy ýaly beýik üstünlik bilen gutlady. Ol muny asyrlardan bäri arzuw edip gelen zadymyz diýip atlandyrdy. Men ýürekden ynanýaryn, Ýakyn Gündogardaky üstünliklerimiz Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gepleşikleri öňe sürmäge kömek eder — diýip, Tramp “Truth Social” jemgyýetçilik sahypasynda beýan etdi.

Mundan başga-da, ABŞ-nyň lideriniň bellemegine görä, söhbetdeşlikde Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda gatnaşyklary barada hem giňden gürrüň edildi.

— Söhbetdeşligiň ahyrynda biz geljek hepde ýokary derejeli geňeşçilerimiziň duşuşygyny geçirmek barada ylalaşdyk — diýip, Tramp aýtdy.

Ilkinji duşuşyklary ABŞ tarapyndan döwlet sekretary Marko Rubio hem-de ady soňra yglan ediljek birnäçe wekil geçirer. Duşuşygyň ýeri soň kesgitlener.

Ak Tamyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, şondan soň Tramp bilen Putin Budapeşt şäherinde duşuşarlar.

Şeýle hem Tramp 17-nji oktýabrda Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen Ak Tamda duşuşjakdygyny, ol ýerde Putin bilen geçirilen söhbetdeşligi hem-de beýleki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşjaklaryny habar berdi.

Belläp geçsek, awgust aýynda Tramp bilen Putin ABŞ-nyň Alaşka ştatynyň Ankoriž şäherindäki “Elmenorf-Riçardson” harby bazasynda duşuşypdy.

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi