TEHNOLOGIÝA

“Toyota” we “Mazda” bilelikde zawod gurar

Ýapon awtoulag öndürijileri “Toyota” we “Mazda” ABŞ-da bilelikde zawod gurmak üçin maýa goýum goýdular. Geljek ýyl ulanylmaga beriljek desga üçin 2,3 milliard dollar sarp ediljekdigi mälim edildi. Desga ABŞ-nyň Alabama şäherinde gurlar.

150 müň “Toýota” we “Mazda” öndüriler

Ilkinji gezek 2018-nji ýylda yglan edilen meýilnama laýyklykda zawodyň maýa goýum bahasynyň 830 million dollar bolmagyna garaşylýardy. Emma muňa garamazdan önümçiligiň depginini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen maýa goýumy artdyrmagy karar berdiler. Öňümizdäki ýylda işe başlajak bu awtoulag zawody 150 müň sany “Mazda” we 150 müň sany bolsa “Toyota” kysymly awtoulaglar öndüriler.

4 müň sany boş iş orny

Desgada awtoulag önümçiliginde hem 4 müň adamyň zähmet çekjekdigi mälim edildi. Gurulýan desgada häzirki wagtda hem ençeme adam gurluşyk işlerini amala aşyrýar

Şeýle hem “Toyota” we “Mazda” geçen ýyl ABŞ-a 1,7 million awtoulag eksport edip, ABŞ bazarynda satylan awtoulaglaryň 10 göterimini emele getirdi.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýada kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar

Ata Watan Eserleri

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär