JEMGYÝETSPORT

Tokio-2020: skeýtbordda ilkinji olimpiýa medaly

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlary çekeleşikli hem-de rekordly bäsleşikleri bilen dowam edýär. Ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna goşulan skeýtbord ýaryşynda ilkinji medallar gazanyldy.

Ýaponiýaly türgen Ýuto Horigome “strit” ugry booýunça skeýtbordda ilkinji olimpiýa medalyny gazandy.

Şeýle hem Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyşyndan soňra ikinji gününde eýýäm ýer eýeleri Ýaponiýanyň hem 3 altyn medaly boldy. Tunisli türgen Ahmed Hafnaui suwda ýüzmek ýaryşynda 400 metrde altyn medalyň eýesi boldy. Ol özüniň ilkinji gezek gatnaşýan Olimpiadasynda medal gaznamagy başardy.

Olimpiýa oýunlarynyň iň köp türgen gatnaşdyrýan ýurdy bolan ABŞ-nyň türgenleri hem tijenip başlady.

Russiýanyň ilkinji altyn medalyny Witalina Basaraşkina gazandy. Ol 10 metr aralykda pnewmatik sapança bilen ok atmakda altyn medalyň hem-de olimpiýa rekordynyň eýesi boldy. Basaraşkina 240,3 utuk bilen olimpiýa rekordynyň eýesidir.

Soňky ýagdaýdaky Olimpiýa oýunlarynyň medallarynyň sanawy şeýle: 

Ýaponiýa bilen Hytaýyň 3 altyn medaly bar.

ÝURDY ALTYN KÜMÜŞ BÜRÜNÇ JEMI
1 Ýaponiýa 3 1 0 4
2 Hytaý 3 0 2 5
3 ABŞ 1 2 4 7
4 Russiýa 1 1 1 3
4 Awstraliýa 1 1 1 3
6 italiýa 1 1 0 2
6 Tunis 1 1 0 2
8 Günorta Koreýa 1 0 2 3
9 Wengriýa 1 1 1 1
9 Eýran 1 0 0 1
9 Kosowa 1 0 0 1
9 Tailand 1 0 0 1
9 Ekwador 1 0 0 1
14 Serbiýa 0 1 1 2
15 Rumyniýa 0 1 0 1
15 Belgiýa 0 1 0 1
15 Ispaniýa 0 1 0 1
15 Niderlandlar 0 1 0 1
15 Hindistan 0 1 0 1
15 Taýwan 0 1 0 1
15 Bolgariýa 0 1 0 1
15 Kanada 0 1 0 1
15 Braziliýa 0 1 0 1
24 Şweýsariýa 0 0 1 1
24 Indoneziýa 0 0 1 1
24 Meksika 0 0 1 1
24 Sloweniýa 0 0 1 1
24 Fransiýa 0 0 1 1
24 Mongoliýa 0 0 1 1
24 Gazagystan 0 0 1 1
24 Estoniýa 0 0 1 1
24 Ukraina 0 0 1 1
24 Ysraýyl 0 0 1 1

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler