Tokio şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlary tamamlandy. Eýsem, bu Oýunlaryň guramaçylary näçeräk serişde harçlady? Medallaryň eýeleriniň girdejisi nähili boldy? Ýaryşlara olaryň geçýän ýerinde we «mawy ekranda» näçe adam tomaşa etdi? Şular we has köp maglumatlar habarymyzda.
― Şu gezekki Olimpiýa oýunlaryna 206 döwletiň wekilleri gatnaşdy. Bu bolsa 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýradakydan bir döwlet kemdir. Has takygy, KHDR şu gezekki Oýunlara gatnaşmady. Munuň sebäbi bolsa koronowirus pandemiýasydyr.
― Tokio Olimpiadasynda medallar boýunça täze rekord goýuldy. Ozal medal gazanan döwletleriň iň ýokary sany 87 bolan bolsa, şu gezek olaryň sany 93-e çykdy.
― Tokio ― 2020 taryhdaky iň gymmat Olimpiýa oýunlary boldy. Ony geçirmek üçin Hökümet 25 milliard dollar serişde sarp etdi. Oýunlaryň bir ýyl yza süýşürilmegi bilen goşmaça çykdajylaryň mukdary 2,8 milliard dollara ýetdi.
― Oýunlarda öňüni alyş çäreleri hernäçe geçirilen hem bolsa, ýene-de koronowirus hadysalaryndan doly halas bolmak başartmady. Ýaryşlaryň dowamynda 343 adamda bu keseliň alamalatlary görüldi.
― Ýapon resmilerine görä, ýaryşlara teleýaýlymlarda 4 milliarda ýakyn adam tomaşa etdi. Bu bolsa tomusky Olimpiýa oýunlarynyň taryhyndaky rekord görkezijidir. Halkara Olimpiýa komiteti ýaryşlaryň alnyp görkezilişinden 1 milliard dollar gazandy.
― Olimpiýa oýunlary dowam edýärkä, ýekeje türgende hem doping wakasy ýüze çykmady. Ýöne geçen Oýunlaryň kadasyna laýyklykda, ýaryşlar tamamlanansoň hem doping barlaglary dowam edýär. Ýadyňyzda bolsa, London Olimpiadasy tamamlanansoň doping wakalarynyň 38-si ýüze çykarylyp, şonça medal eýelerinden alnypdy.
Si Szinpin: türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy iň gowy döwrüni başdan geçirýär
