SPORT

Tokio-2020: medal üçin iň köp pul sylagyny berýän ýurtlar

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda gyzykly bäsleşikler dowam edýär. Olimpiýa oýunlarynda medal gazanmak her bir türgeniň arzuwydyr.

Olimpiýa oýunlarynda medal gazanan türgenleri öz ýurdunyň hökümetleri tarapyndan hem sylaglanýarlar. Metbugat maglumatlaryna görä, Olimpiýa oýunlarynda medal gazanan türgenlere iň ýokary pul sylagyny berýän ýurt Singapurdyr. Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna 23 türgen bilen gatnaşýan Singapur altyn medal gazanan türgenine 737 müň dollar pul baýragyny berýär.

Bu sanawda Gazagystan 250 müň, Malaýziýa 236 müň, Italiýa 213 müň, Ýaponiýa 45 müň, ABŞ 37,5 müň, Günorta Afrika 37 müň, Kanada 16 müň, Awstraliýa 15 müň dollar berýär.

Ýöne amerikaly türgenler mahabat girdejileri bilen millionlarça dollar pul gazanmaga mümkinçilik alýarlar.

Häzirki wagtda soňky maglumatlara görä, Olimpiýa oýunlarynyň medal sanawynda Hytaý öňde barýar. Sanawdaky öňdebaryjy ýurtlar:

ÝURT ALTYN KÜMÜŞ BÜRÜNÇ JEMI
1 Hytaý 32 21 16 69
2 ABŞ 25 29 22 76
3 Ýaponiýa 20 7 12 39
4 Awstraliýa 15 4 17 36
5 Beýik Britaniýa 14 18 15 47
6 Russiýa 13 21 18 52

 

ÝB näçe mukdarda doňdurma öndürdi?

Ýene-de okaň

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder