SPORT

Tokio-2020: ABŞ 4-nji gezek çempion boldy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda ahyrlap gelýän Olimpiýa oýunlarynda ABŞ-nyň basketbol boýuçna milli ýygyndysy final duşuşygynda ýeňiş gazanyp, altyn medlay gazandy. ABŞ-nyň ýygyndysy final duşuşygynda Fransiýanyň ýygyndysy 87-82 hasabynda utup, 4-nji gezek Olimpiýa çempiony boldy.

Mälim bolşy ýaly, ABŞ-nyň ýygyndysy Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna ýeňliş bilen başlapdy we Fransiýanyň ýygyndysyndan asgyn gelipdi. Bu gezek final duşuşygynda ABŞ-nyň ýygyndysy güýçlidigini görkezdi.  ABŞ-nyň ýeňiş gazanmagynda toparyň düzümindäki iň güýçli basketbolçysy Kewin Durant uly goşant goşdy.

Şeýlelikde ABŞ-nyň ýygyndysy 2008-nji ýyldaky Pekin Olimpiýa oýunlary, 2012-nji ýyldaky London Olimpiýa oýunlary, 2016-njy ýyldaky Rio Olimpiýa oýunlaryndan soňra Tokioda hem ýeňiş gazanmagy başardy.

ABŞ-nyň erkek ýygyndysy umuman 20 gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, şonuň 16-synda ýeňiş gazandy.

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda medallaryň sanawynd ahytaý öňde barýar. Olaryň altyn medalynyň sany 38-e deňdir.

Ýurt Altyn Kümüş Bürünç Jemi
1 Hytaý 38 30 17 85
2 ABŞ 34 36 32 102
3 Ýaponiýa 25 12 16 53
4 Beýik Britaniýa 20 21 21 62
5 Russiýa 18 25 23 66

 

 

Tokio-2020: 33 ýyllyk rekord täzelendi

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi